melamat

[mela:mat]

Könelişen söz Töhmet, myjabat, garalyk, garamat.

  • Siz maňa näme melamat etseňiz etmeli-de, men size hiç zat diýmeli dälmi?! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

birine melamatyňy atmak

Birine aladaňy çekdirmek, birine durmuşa çykmak, äre barmak.

  • Başy boş gezeniňden birine melematyňy ataýsaň hem däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Gyz maşgala diýeniň bir çene baransoň, melamatyny biriniň başyna atsa gowy bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)