Botanika Däneli ekinler maşgalasyna degişli bolan, ýogyn hem uzyn baldakly, daşy ýuka gabyk bilen örtülen, gulpakly, iri däneli baş getirýän ösümlik we onuň hasyly.
Onun kellesinde mekgejöweniň gulpagy ýaly mymyjak tüýler ülpüdeşýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Mekgejöwen ekmekligi karar etdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýoluň iki gapdaly hem günebakar we mekgejöwen meýdanydy. («Pioner» žurnaly)
Mekdebiň tejribe uçastogynda gowaça, kädi, mekgejöwen we beýleki ekinler ekildi. («Mydam taýýar» gazeti)