mekdep

  1. Doly däl orta we orta bilim berýän okuw jaýy.

    • Aýsoltan begenç bilen bir mekdebiň okuwçysy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Mergen aga, biziň hemmämiz mekdebiň ýaş naturalistleri. («Pioner» žurnaly)

  2. Göçme manyda Tejribe, okuw.

    • Front sebitindäki işlerde bolmak bilen, türkmen daýhanlary ulu syýasy mekdebi geçdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Haýsy hem bolsa bir ýöriteleşdirilen okuw jaýy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mekdep - mekdebi.