[mejbu:r]
Bialaç, çäresiz, boýun.
Men ýene sag elimi size uzatmaga mejbur. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Me saňa bir syry aýtmaga mejbur bolýan. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Artygyň agyr ýagdaýy ony uzak oýlanmaga mejbur etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öz gödekligim bilen men seni aýazda durmaga mejbur etdim. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Bu ýalňyşlaryny bize hormat goýany üçin boýun almaga mejbur bolan ýaly bolup görünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)