mejal at

[meja:l]

Güýç, kuwwat, hal, gurp, ragbat.

  • Hiç mejalym galmady meň iýen dek saman, kepek. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Eýere ýapyşmaga mejaly bolmadyk aragatnaşykçynyň üstüne ölüm howpy abanýar. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Bu ýerde gygyrmaga mejal nireden bolsun. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Mundan artyk bu ýerde durmaga mejal galmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)