meşik

Suwuk zatlar guýmak üçin geçiniň derisinden eýlenmän edilýän gap, tulum.

  • Her haýsynyň meşiginiň düýbünde-de ýeke içerlik suwlary galypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Meniň meşigimiň bujagy çözük. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Kersenler ýykyşdyryp meşikleri döküşdirip.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem meşik - meşigi.