meşhur

[meşhu:r]

Il içinde ady belli, şöhrat gazanan, şöhratly.

  • Meniň maksadym, meşhur halylarymyz ýaly, dünýäde iň şirin gyzyl almalar ýetişdirmekdir. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Barbanyň Gyzy)

  • Olar bu ýerde garaköli we meşhur saryja tohumly goýunlary ösdüripdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Meşhur Aýnabat hem obadaşymdyr, bile oýnap, ösen deňim-duşumdyr. («Oktýabr Ýalkymy»)