meşgullanmak işlik

[meşgu:llanmak]

Bir iş ýa-da bir zat bilen meşgul bolmak, bir zada güýmenmek, gümra bolmak.

  • Gazyp çykarmaklyk bilen arheologiýa ylmy meşgullanýar. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  • Şäheriň ýaşlary sport işleri bilen örän gyzgalaňly meşgullaýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Onuň esasy käri oglan okatmak we edebi döredijilik işi bilen meşgullanmak bolupdyr. («Edebiýat»)

  • Indi biz öz taýýarlan meýdançamyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarys. («Mydam Taýýar» gazeti)