meňzetmek işlik

Bir zada meňzeş etmek, gat çalym etdirmek, kybapdaş etmek, bir zady ikinji bir zadyň özi ýaly etmek, ogşatmak.

  • Kuwwatyňy arslan-şire meňzetdim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Men özümiň bu ýatyşymy bir adama meňzetdim. («Görogly» eposy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem meňzetmek - meňzedýär, meňzeder, meňzedipdir.