meňzetme

Edebiýat termini Bir zadyň ikinji bir zada deňeşdirilýändigini, meňzedilýändigini aňladýan söz ýa-da aňlatma, meňzeşligi suratlandyrma.

  • Şahyryň «gara saç» atly şygyrynda dürli meňzetmeleri görýäris. («Edebiýat»)

  • Nazikjemaliň şol meňzetmesine Aýsoltan jakgyldap gülenini duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

meňzetme eýerjeň sözlemi. gram

Öz aňladýan pikiriniň baş sözlemdäki gymyldy, herekete meňzedilýändigini görkezýän eýerjeň sözlem.