meňzeş

  1. Biri-birine kybapdaş bolan, biri-birine ogşaýan, biri-birine örän çalym edýän.

    • Meňzeş ýany biri-birine meňzeş üç otagly, gapysy eýwanly tamlar bolup, kolhoz melleklerine ekilen iýmişli baglar tamlaryň üstüne abanyşyp dur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Ýaly, tüýsli, kimin.

    • Onuň şaýyny tutuşy biziňkä meňzeş däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ile meňzeşmek etmek

seret il

  • Aýu, kakasy, Annagulyny hem ile meňzeş edip goýbereli! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)