meňiz

Adamyň ýüzi, ýüz görnüşi, keşbi.

  • Munuň bolşundan bir zat aňlan Baharyň meňzi gyzardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Gysga hata göz gezdirip başlandan, oraýany meňzi soldy dessin. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem meňiz - meňzi.

gül meňiz

Gül ýaly ýüz, ajap ýüz.

  • Galkyn, gözüň görkez hindi zenany, Gül meňzi saralan arap jenany. («Oktýabr Ýalkymy»)