meň1

Adamyň endamynda, ýüzünde bolýan gara reňkli tebigi düwürtik.

  • Orazgulyň käbir ýeri gasyn atan bugdaýreňk ýüzüniň sag tarapynda garaja nokat ýaly meňi bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Burnunuň sag gapdalynda meňi bar, egninde-de leýtenant çini bardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

meň2

Ýapragy we dänesi guradylyp çekilýän ösümlik.

  • Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgyda gan eňräp, bolmady deňi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

meň3

Käbir haýwanlary aldap tutmak üçin gapana, çeňňegiň ujuna dakylýan et, çörek we ş. m. zatlaryň bölegi.