meýil at

Bir zada bolan höwes, ýykgyn, isleg, hyýal.

  • Hiç kime syn salyp bakmadyk Ýagmyr, Asla aňmaýardy Akgyzyň meýlin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol öz meýliň Sapar, ýöne biziň kolhozymyzyň agaranly düýe çaly-ha boldur! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Ol hemişe halkyň içinde gezeni üçin, halkyň şähdi, meýli, niýeti oňa aýandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem meýil - meýli.