meýdan at

[meýda:n]

  1. Gidip ýatan düz ýer, çöl, ýer giňişlik.

    • Eziziň köne ýigitleri, täze ýygnan adamlary stansiýanyň öňündäki düz meýdana üýşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Belli bir iş dynyp barylýan uçastok.

    • Onuň ady 1949-njy ýyldan edebiýat meýdanyna girip ugrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Jaýyň içi däl, daşary.

    • Ýygnak açyk meýdanda geçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Göwün arzuw etdi çykdym meýdana, şäheriň çagynda bakdym her ýana. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Gurluşyk meýdanynda iş gyzgalaňly gidýär.

  4. Ekin üçün bejerilen ýer, ekin uçastogy.

    • Biz işiň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin 2-nji brigadynyň pagtaçylyk meýdanyna aýlanlarys. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

bir meýdan

  1. seret bir

    • Akmämmet aga bilen bir meýdan gürleşip oturandan soň, ýerinden turdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Uruş meýdany-.

  2. seret uruş

meýdan düşelgesi

Ekin ekilýän uçastoklarda işleýänleriň arakesme wagtynda dynç alýan naharlanýan ýerleri.

meýdana gitmek

Aýak ýoluna gitmek.