[maza:rlyk]
Ölen adamlaryň meýidi jaýlanýan ýer, gonamçylyk, gabrystanlyk.
Demirgazyk ýanlaryndaky mazarlykda Aşyr kakasyny öz eli bilen jaýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gölegçiler Halnazary mazarlyga alyp baranlarynda, onuň gabry gazylyp gutaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birdenkä, mazarlykdan, galanyň ýykylyşyp ýatan keseklerinden jynssyz sesler çykyşyp başlady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem mazarlyk - mazarlygy.