mazar

[maza:r]

Ölen adamyň meýidi gömlen ýer, gabyr.

  • Görkez maňa şol dostumyň mazaryn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Dünýäde ýeke-ýalňyz perzendim Kelje, hany onuň meýidi, hany onuň mazary?! -- diýip zynharlaýan ýaly boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ol mazaryň üstünde oturdy-da, özüni synlamaga başlady. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • mazara
  • mazaram
  • mazarda
  • mazardaky
  • mazardan
  • mazarlar
  • mazarlara
  • mazarlarda
  • mazarlardaky
  • mazarlardan
  • mazarlary
  • mazarlarydy
  • mazarlarym
  • mazarlaryna
  • mazarlarynda
  • mazarlaryndan
  • mazarlaryny
  • mazarlarynyň
  • mazarlaryň
  • mazarly
  • mazarlyga
  • mazarlygy
  • mazarlygyndan
  • mazarlygyny
  • mazarlygyň
  • mazarlyk
  • mazarlykda
  • mazarlykdan
  • mazary
  • mazarydyr
  • mazarym
  • mazaryma
  • mazarymda
  • mazarymy
  • mazaryn
  • mazaryna
  • mazarynda
  • mazaryndaky
  • mazaryndan
  • mazaryny
  • mazarynymy
  • mazarynyň
  • mazaryň
  • mazaryňy