mazamlamak işlik

[ma:zamlamak]

Bir zadyňy birine görkezip öwünmek, bir zady birine güjeňlemek.

  • Ýagşy gül, ýagşy gül! -- diýip, güllerini mazamlaýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Indi gyzlar salgyt-galyňa gelmez, Her näçe mazapla, puluňa gelmez. («Sowet edebiýaty» žurnaly)