[maza:ly]
Maza berýän, lezzetli, şypaly hezil.
Erbet däl, gowy, oňat.
Annaguly içinden: -- öz-ä mazaly maşgala ekeni! -- diýip, gaýta-gaýta syn etdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ynajalykly, rahat, dynç, oňat, gowy.
Çagalar, mazaly oturyň!
Örän, has, ýeterlikli, kemsiz.
Soltansöýni mazaly horlandan soň, ahyrynda Soltansöýne özüni zorlap aldyrmaga mejbur edipdir. (Myraly)
Ol işinde özüni mazaly görkezipdi. Mähri gaharly, ýuwaşja, emma mazaly eşidiler ýaly edip hümürdedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)