[maza:]
Bir zatdan alynýan lezzet, hezillik, rähnet, şypa, eşret.
Köne geçen uruşlardan, batyrçylyklardan gürrüňler başlanan mahalynda bolsa, şu iki dost çaga gulaklaryny gerip, maza alyp, gürrüň dinlärdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Teatryň bu günki oýny maňa maza bermedi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Oýun bir, maza iki. (nakyl)
Susty basylmak, keýpi gaçmak, ugry gaçmak.
Ýylgyran bolsa-da Ýagdy hem Ýazhan, Bu jogaba olaň mazasy gaçdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ugry ýokluk, keýpi bolmazlyk.
Kelläm güwläp dur, mazam ýok. («Mydam Taýýar» gazeti)