mawy

[ma:wy]

Açyk ýiti gök reňk.

  • Mawy asmanda bulut ýok diýerlikdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Ol orta boýly, ýasy garyn, saryýagyz, mawy gözli, gyrçuw sakgal adamdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Pýotr mawy gözlerini gyrpyldatdy-da: -- Kelje Sähet! -- diýip, birden gygyranyny özi hem duýman galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)