matal

Edebiýat termini Türkmen halk döredijiliginde: durmuş, hojalyk hem öý goşlary we ş. m. degişli, manysyny oglap tapmaly sorag, tapmaça (meselem, agyl doly akja guzym).

  • Ol gyzlara gyzykly erteki, matallar, ýa-da özüniň başyndan geçirenlerini aýdyp berýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Adamlar özleriniň düşünjelerine görä matal döredipdirler. («Edebiýat»)

matal otarmak

  1. Matal aýtmak.

    • Häzir boş wagtyny erteki aýdyp matal otaryp geçirýän çopan çoluklar az. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gerekmez zatlary aýdyp oturmak, biderek gürlemek.