maslyk

Ölen haýwanyň, adamyň we ş. m. läşi, meýidi.

  • Birbiriniň yzyndan möjekleriň maslygy tapyldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Heý gorkak bu ýatan maslyk ahyry! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Bally atyň üstünde maslyga, gelen ýyrtyjy ýaly seňrigini ýygryp durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Söweş meýdanynda duşmanyň näçe maslygy we ýaralysy galdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem maslyk - maslygy.