maslahatlaşmak işlik

Biri bilen bilelikde maslahat etmek, biri meseläni ara alyp, pikir alyşmak, bir zat barada biri bilen geňeş etmek, birine geňeş salmak, geňeşmek.

  • Halk ýygnagy ähli möhüm döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  • Sen häziriň özünde onuň bilen indi näme etmelidigini maslahatlaşmalysyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol ownujak bir zat üçin hem Aýna sala saldy, Aýna bilen maslahatlaşdy Aýnanyň göwnüni awlamaga çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Wepanyň bölümi ozalyndan maslahatlaşyp goýlan amatly ýere baka çekilipdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)