maslahat at

  1. Bir zat hakda belli netijä gelmek, pikir alyşmak üçin özara geçirilýän gürrüň, geňeş, sala.

    • Gysgajyk maslahatdan soň bu ikisi bir karara geldiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Garrylar ondan maslahat soramaga geldiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir meseläni ara alyp maslahatlaşmaklyga bagyşlanan ýygnak.

    • Ony awçylaryň raýon maslahatyna çagyrdylar. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)

  3. Öwüt, nesihat.