masgaralyk

Ile gülkülik, abraýdan düşmeklik, biabraýlyk.

  • Men öz maňlaýyma masgaralyk möhrüni basanymy bilýärin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Halnazar şu masgaralyga ölsünmi, ýitsinmi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Men şeýle masgaralyga laýykmy? ! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem masgaralyk - masgaralygy.