masgaraçylyk

seret masgaralyk

  • Birden baryp ejesine aýdaýsa, ullakan masgaraçylyk boljak. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ataň-eneňi we bizi, geplemeli gepiňi bilmän, masgaraçylyga goýaýmawergin, balam! (N. Saryhanow Saýlanan eserler)

  • Halnazary şol masgaraçylyk horlady. (B. Kerbabaýew Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem masgaraçylyk - masgaraçylygy.