mapraç

Etli-ganly, doly, semiz.

  • Wah, maýam, sen meniň derdimi bilmeýärsiň?! -- diýip, Muhammet onuň yzyndan garady-da, ol mapraç aýalyň yzy bilen öýe tarap ýöneldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Göwüslek mapraç aýal Aýyň ýagtysyna altyn çaýylan egmesini ýalpyldadyp çykdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem mapraç - maprajy.