many at

[ma:ny]

  1. Bir zadyň akyl ýetirip bolýan içki mazmuny, paýhaslanmak arkaly bir zatdan çykýan netije.

    • Onuň ösgün gara gaşlary okaýan hatynyň manysyna görä bir ýazylyp, bir çytylýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

    • Biziň her bir babalar sözümizde neneňsi many, neneňsi düşünje bar. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

    • Aman poşçy onuň sözünden hiçbir many aňman: --Hawa, hawa! -- diýip, onuň sözüni tassyklady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen sözleriň manysy hem üýtgäp biler.

  2. Ähmiýet, peýda, haýyr.

    • Goşuny biderek gyrdyrmanyň näme manysy bar? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

mana düşmek

Aýdylan-goýlan zada akyl ýetirmek, düşünmek.

  • Emma özi welin bu zadyň düýbünden manysyna düşenok. («Kolhoz Günleri»)

many çykarmak

Belli bir pikire gelmek, netije çykarmak.

  • Baharyň bu hödür-kereminden özüçe many çykaryp, Wüşi kel özüne göwnüýetijilik bilen oturgyçda oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

many saçmak

Manyly gürlemek, manyly söz sözlemek.