mama1

[ma:ma]

  1. Ejeňiň ejesi.

    • Gyzlaryň mamasy, Akgözel ejäniň ejesi Artykgül eje-de öz gyzynyň aýdanyny makullady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ejesi keselläninde, mamasy bu dermanhana derman almak üçin gelerdi. («Pioner» žurnaly)

    • Mamam bilen çykyp tamyň üstüne, Gurt serdik, ak kagyz düşäp astyna. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Garry aýallara ýüz tutulyp aýdylýan söz.

mama2

[ma:ma]

Medisina Bedeniňe iriňli düwürtik örmek bilen ýüze çykýan agyry, ýokançly kesel.

  • Italmaz aga, seniň munyň gyzamyk-da däl, mama hem däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Häzirki wagtda garahassalyk, mergi, mama keselleriniň soňuna çykyldy. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Güne ýanan ýüzünde mamanyň yzy mese-mälim bolup duran bu adam köpi gören, özüni her ýerde tertipli saklap bilýän adama meňzeýärdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

mama dişän

Ýüzde, bedende mama keseliniň yzy galan, gotur (adam hakynda).

  • Bu iki keýwanynyň biriniň tegelek mama dişän agras ýüzi bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Onuň mama dişän ýüzüne ynjy alamaty gelip gondy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)