mal at

[ma:l]

  1. Zoologiýa Oba hojalygyndaky ownukly-irili haýwanlar (dowar we iri mallar hakynda).

    • Mallaryň hem olaryň dersleriniň dymyljyk ysy ösýän şemala aralaşyp, Hoşgeldiniň burnuna urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Olar ekerançylygy-da, mal edinip köpeltmegi-de bilmändirler. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Başy sagyň, maly tükel. (nakyl)

    • Mal eýesiniň gözünden suw içer. (nakyl)

    • Mal eýesine çekmese, şumluk. (nakyl)

  2. Göçme manyda Haryt, zat.

    • Pagtaň barmy --däne-de seniň çuwalyňda, senagat mallary hem seniň sandygyňda. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Küştçülik termini Küştüň iri çöpleri (perzi, pil, at, ruh).

    • Küştüň mallarynyň atlarynyň gelip çykyşy örän gyzyklydyr. («Pioner» žurnaly)

gaçak mal

Gadagan haryt.

gara mal

Şahly iri mallar.

mal janly

Maly gowy görýän (adam).

  • Men-ä Muhammet ýaly halkyň gamyny iýýän mal janly, eli nanly başlyk gören däldirin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

mal kesmek

Gyzyň galyňyny kesgitlemek.

  • Ol gyzyna mal kesip galyňyny aýtman, ujundan mal geçirtmän, biziň öňümizde bu şertleri goýýar, ine, şunsy düşnüksiz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

mal ýitirmek

Küşt oýnunda mugt aldyrmak, malyňy gidermek.


Duş gelýän formalary
  • mala
  • maladyr
  • malam
  • malda
  • maldaky
  • maldan
  • maldygynyň
  • maldyr
  • mallar
  • mallara
  • mallaram
  • mallarda
  • mallardaky
  • mallardan
  • mallardy
  • mallardyr
  • mallary
  • mallary-da
  • mallarydy
  • mallarydyr
  • mallarym
  • mallaryma
  • mallarymy
  • mallarymyz
  • mallarymyzy
  • mallarymyzyň
  • mallaryna
  • mallarynda
  • mallaryndan
  • mallaryny
  • mallarynyň
  • mallarynyňam
  • mallaryň
  • mallaryňa
  • mallaryňam
  • mallaryňy
  • mallaryňyz
  • mallaryňyzy
  • mallaryňyzyň
  • mally
  • mallygy
  • mallygynyň
  • mallylar
  • mallyny
  • mallynyň
  • malsyz
  • malsyza
  • malsyzdy
  • maly
  • malydy
  • malydyr
  • malym
  • malyma
  • malymam
  • malymdan
  • malymy
  • malymyz
  • malymyza
  • malymyzam
  • malymyzy
  • malyn
  • malyna
  • malynda
  • malyndan
  • malyny
  • malynyň
  • malynyňky
  • malyň
  • malyňa
  • malyňam
  • malyňdan
  • malyňky
  • malyňy
  • malyňyz
  • malyňyzdan
  • malyňyň