makullamak işlik

[ma:ku:llamak]

Maksada laýyk hasaplamak, dogry diýip tapmak, makul bilmek, ýerlikli hasap etmek, oňlamak.

  • Oňun ähli aýdanlaryny makullap, zordan gürrüňiniň arasyny kesdim. («Tokmak» žurnaly)

  • Olar bu proýekti sowet halkynyň doly makullaýandygy hakynda aýtdylar. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Seniň häzirki maslahatyňy makullaýaryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • makullady
  • makulladylar
  • makulladym
  • makullama
  • makullama-da
  • makullamady
  • makullamaga
  • makullamagy
  • makullamagyny
  • makullamagyň
  • makullamak
  • makullamakdyr
  • makullamaklaryna
  • makullamaklaryny
  • makullamaklyga
  • makullamaklygy
  • makullamaklyk
  • makullaman
  • makullamasy
  • makullamasyna
  • makullamasyny
  • makullamazlyk
  • makullamaýan
  • makullamaýandyklaryny
  • makullamaýar
  • makullan
  • makullandy
  • makullandygy
  • makullanyny
  • makullap
  • makullapdy
  • makullapdyr
  • makullapdyrlar
  • makullardy
  • makullasa
  • makullasymyz
  • makullaýan
  • makullaýana
  • makullaýandygy
  • makullaýandygyny
  • makullaýandyr
  • makullaýanyny
  • makullaýar
  • makullaýardy
  • makullaýarlar
  • makullaýarsyň
  • makullaýaryn
  • makullaýarys
  • makullaýjak