maksat mak‧sat at

Bir işi amala aşyrmaklyga bolan meýil, niýet, matlap, maksat-myrat, arzuw.

  • Sowet Döwlet býujeti hem gös-göni şu maksatlara gönükdürilen parahatçylyk hem döredijilik býujetidir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Amyderýany Murgaba tapyşdyrmak maksady bilen joşýarlar. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Adam özüniň işine konkret maksatlar goýýar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem maksat - maksady.


Duş gelýän formalary
  • maksada
  • maksadam
  • maksady
  • maksady-da
  • maksadydyr
  • maksadym
  • maksadyma
  • maksadymdan
  • maksadymdy
  • maksadymy
  • maksadymyz
  • maksadymyza
  • maksadymyzy
  • maksadymyzyň
  • maksadymyň
  • maksadyna
  • maksadynda
  • maksadyndaky
  • maksadyndan
  • maksadyny
  • maksadyny-da
  • maksadynyň
  • maksadyň
  • maksadyňa
  • maksadyňy
  • maksadyňyz
  • maksadyňyza
  • maksat-da
  • maksatda
  • maksatdaky
  • maksatdan
  • maksatdy
  • maksatdyr
  • maksatlar
  • maksatlar-da
  • maksatlara
  • maksatlaram
  • maksatlarda
  • maksatlardan
  • maksatlardyr
  • maksatlary
  • maksatlarymyz
  • maksatlarymyza
  • maksatlarymyzy
  • maksatlarymyzyň
  • maksatlaryn
  • maksatlaryna
  • maksatlarynda
  • maksatlaryndan
  • maksatlaryny
  • maksatlarynyň
  • maksatlaryň
  • maksatlaryňa
  • maksatlaryňy
  • maksatlaýyn
  • maksatly
  • maksatlydyr
  • maksatlylygy
  • maksatlylygyndan
  • maksatlylygyny
  • maksatlylygynyň
  • maksatlylygyň
  • maksatlylyk
  • maksatlynyň
  • maksatmy
  • maksatsyz
  • maksatsyzlara