mahsus mah‧sus

[mahsu:s]

Muwapyk, has degişli (bolan).

  • Ertekileriň özüne mahsus bolan başlanyşy bolýar. («Edebiýat»)

  • Her bir ýaragyň özüne mahsus atyşhanalar döredipdirler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Pelwert jülgesi sol pasla mahsus bolan adaty joşgunly zähmet durmuşy bilen ýaşardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Moskwalylar türkmen wekillerini mahsus bolan çyn ýürekdeşlik bilen gutladylar. («Mydam taýýar» gazeti)


Duş gelýän formalary
  • mahsusam
  • mahsusdy
  • mahsusdygy
  • mahsusdygyna
  • mahsusdygyny
  • mahsusdyr
  • mahsusdyrlar
  • mahsuslarydyr
  • mahsuslygy
  • mahsuslygyndan
  • mahsuslyk
  • mahsuslykda
  • mahsuslylygy
  • mahsusy