magdançylyk mag‧dan‧çy‧lyk

[magda:nçylyk]

Magdan gazyp almak bilen meşgullanýan, gazylyp alynýan magdanlary işläp taýýarlamaklyga degişli bolan.

  • 1922-1924-nji ýyllarda ol Magdançylyk akademiýasynda okuwda boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Magdançylyk işleri ýaýbaňlanýar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem magdançylyk - magdançylygy.