magallaklamak işlik

Ýanyndaky beýleki zatlardan saýlanyp, ýokarda elesläp görünmek, magallak atmak.

  • Obanyň ortasynda haýbatly beýik gala magallaklaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ýigit öňki nätanyş gyzyny görüp, şol ýerde magallaklap oturan jaýa elini uzadyp: --Hanha, syn et. Gymmatly gyz! -- diýip seslendi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)