magallaklaşmak işlik

Töweregindäki beýleki zatlardan ýokary galşyp, saýlanyşyp durmak, birnäçe bolup magallaklap durmak.

  • Wepany bolsa durdugyça gam basýardy, onuň uka meýil eden gözüniň öňünde Köpetdagyň beýik gaýalary magallaklaşýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Beýik gara turbalar şäherjigiň üstüne abanyp, ýogyn taýaklar ýaly bolup, tukat görnüşde magallaklaşyp durýardylar. (M. Gorkiý, Ene)