[magşu:k]
Könelişen söz Ýigidiň söýýän gyzy, ýigidiň söýgülisi, aşyk gyz.
Bahar Magşuk kimin gujak açyp dur, Watanym baharyň ýaz gujagynda. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Men seniň magşugyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tomaşaňa geler gyzlaryň hany, Eger çyn aşyk sen magşugyň hany. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
Owal aşyk köýer, soňra --magşugy. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem magşuk - magşugy.