maşyn

[maşy:n]

  1. Tehnika Bir işi amala aşyrýan çylşyrymly mehanizm.

    • Ýuwaşlyk bilen ädimläp, maşynyň ters tarapyndan bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Tikin maşyny.

  2. Awtomobil.

    • Şähere tarap barýan ýük maşynlarynyň sesi ertiriň dym-dyrslygyny bozup, bütin obanyň için ýaňlandyryp gidýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

ýeňil maşyn

Çalt ýöreýän münülýän maşynlar.

  • Ol jaýyň işiginde bir ýeňil maşynyň duranyn gördi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)