maşgala at

  1. Bir hojalyga degişli çagalar we ene-atalar.

    • Balykçylaryn maşgalalarynyň köpüsi mugallym mehanizator we feldşer boluş ýetişipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Maşgalamda alty adam bar. Maşgala tüketmez, maşgala tükeder. (nakyl)

  2. Gyz-oglan, çaga, perzent, zürýat.

    • Maşgalamy öz elim bilen durmuşa çykararyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ilde gowy maşgala-da kän, haýsy gapydan barsam hem meniň sawçylarymyň boş gaýtmajagyna-da ynanýan. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Aýna beýle geleňsiz maşgala däl ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gaty gowy maşgala arman saçy inçejik ekeni. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  3. Hojalyk, öý.

    • Obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  4. Umumy bähbit üçin birleşen adamlar topary.

    • Halk we goşun bir bitewi maşgala ýalydyr.

  5. Biologiýa Birnäçe ýakyn guşlaryň, tohumlaryň topary.

    • Itler maşgalasy.

maşgala gurmak

Durmuşa çykmak, öýli-işikli bolmak, öýlenmek.

  • Meniň maşgala gurmak baradaky pikirim çyn, sap pikir. (B. Seýtakow, Moskwanyň Ýalkymy)