maňyz

  1. Hoz, pisse, badam erik we ş. m. şänigi ýaly gaty gabykly miweleriň içindäki tagamly ýagjymak madda.

    • Şänigiň maňzy.

  2. Çöregiň, dänäniň we ş. m. içki ýumşak bölegi.

  3. Göçme manyda Many, mazmun, netije.

    • Saparyň sözüniň düýp maňzyna gözüni ýetiren Çary aga, temmäki haltasyny çykaryp, mahorka dolap çekmäge başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol gorkusyna listowkanyň ýüzünde gören we eşidenleriniň esasy maňzyny hemmä aýan etdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Däne --durmuşyň özenidir, eşretiň maňzydyr. («Mydam Taýýar» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem maňyz - maňzy.

maňza batmak

seret maňza oturmak

  • Meniň bu sözlerim onuň maňzyna batmadyk bolara çemeli. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

maňza dammak

seret maňza oturmak

  • Hojamyň soňky sözi Halnazaryň hem maňzyna damdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

maňza oturmak

Göwne ýaramak, göwne jaý bolmak, maňza batmak, maňza dammak.

  • Emma olaryň ikisiniň hem aýdanlary Myradaly aganyň maňzyna oturmady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Gazeti çaý başynda okasaň, lezzeti aýry bolýar, maňzyňa oturýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

sary maňyz

Agzy sary, ýaş, tejribesiz.

  • Ol tumşujagyny ýokary tutup, ejesine göwni ýetmedik bolan bolsa-da, kolhoz oňa dünýäniň manyny ynansa-da, ol entek sary maňyzdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)