maňlaý at

  1. Kelle süňküniň ýüz tarapdaky gözden ýokarky bölegi, alyn.

    • Sagatçy äýnegini maňlaýyna goýup, ýeke göz dürdi bilen sagadyň mehanizmine seredýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ýalaňaç tagtanyň üstünde oturan komissar maňlaýyny iki eliniň aýasyna salyp, çuňňur oýa çümdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň gören jepalaryny maňlaýynyň ýygyrtlaryndan hem aňmak bolýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zadyň öň tarapy, bir zadyň garşysy, ýüz tarapy.

    • Jaýyň maňlaýynyň suwagy gopupdyr.

  3. Wagt, ykbal.

    • Ahyry bolmasa, sen hem öz maňlaýyňdakyny gör! («Görogly» eposy)

  4. Kömekçi söz rolunda.

gara maňlaý

Işi şowuna düşmeýän, bagty gara, betbagt.

maňlaýa ýazylmak

seret maňlaýdan çykmak

maňlaýdan çykmak

Duş gelmek, duşmak, sataşmak.

  • Şol ulalyp --oňalman geçen Guly däli hem maňlaýyndan hem çykansoň, sen biri bilen gaçarsyň öýdüp, kakaňyň hem gara jany galanok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

maňlaýy açylmak

Biri bilen durmuş gurmak, durmuşa çykmak (aýal-gyzlar barada), öýlenmek, öýli-işikli bolmak (erkek adamlar barada), bagtly bolmak, eşretli durmuşa başlamak.

  • Aý, oglum, seniň maňlaýyňa açylmak ýok öýdýän?! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

maňlaýy ak bolsun!

Bagtly bolsun.

  • Maňlaýy ak, ýoly açyk bolsun. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

maňlaýy şorly

Bagty gara, betbagt.

maňlaýy ýok

Bagty ýok, bagtsyz, betbagt.

  • Aý, asyl meniň maňlaýym ýok eken! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

maňlaýyna ýelmemek

Ýüzüne aýtmak, göni aýtmak.

maňlaýyndan diremek

Kömek etmek, goldamak.

  • Garran wagtynda maňlaýyndan direjek oglanyň öz öýünde bolmagy ene üçin ullakan ähmiýete eýedi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

maňlaýyňy urmak

Synanyp görmek, baş goşmak.

  • Başarmajak işleriňe maňlaýyňy urýarsyň, ýetmejek ýerleriňe burnuňy uzadýarsyň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

maňlaýyňyy diremek

Birine ýüz tutmak, bir ýere baryp geçmek, ýüzlenmek.

ýazzy maňlaýyndan degmek

Göni maňlaýynyň ortasyndan degmek, edil maňlaýyndan degmek.