maňka1

  1. Burundan akýan suwuklyk, sümük.

    • Oglanyň maňkasyny süpürmek.

  2. Göçme manyda Burnuna salyp gepleýän, myňňy-myňňy edip gepleýän.

maňkaňy oňarmazlyk

Iş başarmazlyk, özüňi oňarmazlyk.

  • Ýeri how, maňkaňy oňaraňok weli zol: -- Gurban! -- diýip dursuň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

maňka2

Weterinariýa Haýwanlarda bolýan ýokançly kesel, ketew.

  • Başga-da maňka, agsyl keseline garşy göreş ýaly meseleleri agzamak bolardy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Maňka keseli bilen kesellemek.