maýyrmak işlik

  1. Agyr ýük ýa-da iş zerarly şikes ýetirmek, maýyp etmek, maýryk etmek.

    • Eşege agyr ýük urup, ony tiz maýryp taşladylar.

  2. Göçme manyda Işe ýarawsyz etmek, sandan çykarmak, döwmek.

    • Heniz bir ýyldan köp wagt geçmänkä, dört sany ýük maýyny maýryp taşlady. («Tokmak» žurnaly)

  3. Göçme manyda Halys etmek, irizmek, ýadatmak.

    • Hawa, hawa, meýt, ol betbagtlaryň çaýy, nasy, süýjüsi hem adamyny maýyrjak. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem maýyrmak - maýrar, maýrypdyr.