[ma:ýyp]
Kesellilik ýa-da synasyna şikes ýetmek zerarly ýarawsyz bolan, şikesli, inwalid.
Özüm Watançylyk urşunyň maýyby. («Tokmak» žurnaly)
Bu maýyp oglana hiç kim eger-eger barmysyňam diýenokadi. («Mydam taýýar» gazeti)
Arap maýyp atynyň ýanyna geldi. («Görogly» eposy)
Men ony öz elim bilen maýyp etmek pikirimden döndüm. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem maýyp - maýyby.