maýyllyk 1

Sowuk dällik, ýylylyk (howa hakynda).

  • Günorta ýakynlaşdykça maýyllyk 13-14 derejä çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Başda örän mylaýym, maýyllyk bilen gopan gyş barha sowap, soňuny gazaba tutdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem maýyllyk - maýyllygy.

maýyllyk 2

[ma:ýyllyk]

Könelişen söz Bir zadyň täsirine berlenlik, bir zada ünsi çekilenlik, bir zada erkini giderenlik, bir zadyň ýesiri bolmaklyk, meýillilik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem maýyllyk - maýyllygy.


Duş gelýän formalary
  • maýyllygy
  • maýyllygyna