maýyl 1

Sowuk däl, ýyly (howa hakynda).

  • Howa örän dury hem maýyldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

maýyl 2

[ma:ýyl]

Könelişen söz Bir zadyň täsirine berlen, bir zada ünsi çekilen, bir zada erkini gideren, bir zadyň ýesiri, meýilli.

  • Ýüregim saňa maýyl bolansoň, hiç ýerde senden galmadym. («Pioner» žurnaly)

  • Näçe günüň, näçe gijäniň ukusy gözüne maýyldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ol nykapdan ýüzüň şöhle salypdyr, Telbe köňlüm görüp, maýyl bolupdyr. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)


Duş gelýän formalary
  • maýylam
  • maýylda
  • maýyldy
  • maýyldygyna
  • maýyldyr
  • maýyllygy
  • maýyllygyna
  • maýyllyk
  • maýyly
  • maýylyň