maýadar

[ma:ýada:r]

  1. Könelişen söz Uly baýlygy, köp puly bolan baý, uly maýanyň eýesi, kapitalistik.

    • Iň ýaramaz adamynyň iňlis maýadaryna meňzedilýäni ata-babadan bäri onuň gulagynda galypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Gurply hojalyk, öňde baryjy kärhana.

    • Nebit bolsa ýüzüp deňizden geçip maýadara täze maýa getirdi. (A. Atajanow, Arzyly myhman)