maýa1 at

[ma:ýa]

Zoologiýa Bugra bilen arwanadan dogan inen düýe.

  • Maýanyň örküji ýaly üstümüze abanyp duran haçjaly Erek dagymyzy gör! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

maýa2 at

[ma:ýa]

  1. Derek tutar ýaly, ýene üstüne goşar ýaly başda goýulýan pul, mal, emläk.

    • Bölünmeýän maýamyzda on milliondan gowrak pulumuz bar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Hojalygy gurplandyrmakda, galdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan zadyň çeşmesi, esasy.

    • Pagta gurply durmuşyň maýasy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

maýa3 at

[ma:ýa]

Towuklar guzlar ýaly keteginde goýulýan ýumurtga.

  • Towuguň aşagyna maýa atmak.