maý

  1. Belli mukdarda wagt aralygy, salym, pursat.

    • Köprä golaý gelende, maşinist onuň abat däldigini saýgarsa-da, maý az bolany üçin, ony saklap bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Çeme, tagaşyk, tär, ýagdaý, maýaç.

    • Ol iki ýana urnup, özüniň gollaryny giň germäge maý gözleýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

maý bermezlik

Mümkinçilik bermezlik, ýagdaý döretmezlik.

  • Çernyşowyň dogry sözleri oňa sypmaga maý bermedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bahar oňa öwünmäge maý bermedi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

maý tapmak

Çemesini, amatly ýagdaýyny tapmak.

  • Orator ýene bir agyz sözlemäge maý tapdy, Gotur söwdagär ep-esli salymdan bäri gowadaklaýarka, ahyrynda maý tapyp, çaý başynda olara arz etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

maýyny almak

Badyny almak, sustuny basmak.

  • Gürrüňçilik gözläp geldiňmi? -- diýip maýyny aldy. («Kolhoz günleri»)